Aşgabatda informatika boýunça OIOIUS-2024 II halkara olimpiadasy badalga aldy

  • 18.04.2024 18:24
  • 14629
Aşgabatda informatika boýunça OIOIUS-2024 II halkara olimpiadasy badalga aldy

17-nji aprelde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasy (OIOIUS-2024) dabaraly ýagdaýda öz işine başlady.

Halkara olimpiada dünýäniň 18 döwletinden, ýagny Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Katar döwletiniň, Liwiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary we mugallymlary gatnaşýar. Halkara Informatika olimpiadasyna ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň 50-den gowrak ýokary okuw mekdebinden jemi 350-ä golaý talyp, 31 sany daşary ýurtly ýolbaşçy mugallym gatnaşýar.
Düýn ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasynyň birinji tapgyry geçirildi. Şu gün bolsa olimpiadanyň ikinji tapgyry geçirilýär. Meýilnama laýyklykda, 19-njy aprelde olimpiada gatnaşýan talyp ýaşlaryň arasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi geçiriler. Onuň dowamynda olimpiadanyň ýeňijileri dabaraly ýagdaýda sylaglanar.
Halkara olimpiadanyň çäginde daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzyň gözel künjeklerine, medeniýet we sungat, söwda we dynç alyş merkezlerine, şeýle-de «Nusaý» ýadygärlikler toplumyna gezelençler guralýar.


düýn 15:48
2563

“Oguz hanyň zehinli nesilleri” II integrirlenen olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly mekdep okuwçylarynyň arasynda tapgyrlaýyn geçirilýän II integrirlenen olimpiadanyň 3-nji jemleýji tapgyry...

düýn 15:15
4767

Ahal welaýat häkimliginiň 7-nji hünär-tehniki okuw mekdebi okuwa çagyrýar

Ahal welaýat häkimliginiň 7-nji hünär-tehniki okuw mekdebi isleg bildirýänleri talyplyga çagyrýar. Uzak möhletli 1 ýyllyk okuwlar Himiki bakteriologiki derňewiň laboranty – 10 aý Elektromantýor – 10 aý Aragatnaşygyň...

düýn 14:24
6767

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 1521 uçurym okuwyny tamamlady

2023-2024-nji okuw ýylynyň jemleri boýunça 1 müň 521 uçurym 30 sany hünär boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady. Ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, uçurymlaryň...

düýn 14:09
8191

Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda «Ýylyň mugallymy — 2024» bäsleşiginiň jemi jemlendi

Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň mugallymy — 2024» döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýeňijileri...