Türki döwletler täze WBC Amateur TURKSOY boks ýaryşyny döretdiler

  • 15.04.2024 15:30
  • 13k+

Türki ýurtlary WBC Amateur TURKSOY ady bilen täze boks ýaryşyny döretdiler. Ilkinji çempion guşaklary ugrunda 2024-nji ýylyň güýzünde Türkestanda (Gazagystan) 15-16 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň arasynda göreşiler diýip, ORIENT habar berýär.

Ýaryşyň döredilmegi Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň professional boks federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) we TÜRKSOÝ halkara guramasynyň wekilleriniň arasyndaky duşuşygyň netijesi boldy.
TÜRKSOÝ-yň saýtynda bellenilişi ýaly, bu ýaryş döredilmezden öň, geçen ýyl 5 agram derejesinde göreşen 500 ýaş boksçynyň gatnaşmagynda WBC Amateur Kazakhstan synag ýaryşy geçirildi.
Ýaryşyň düzgüni heniz ylalaşylmaly, ýöne häzir ilkibaşda her ýurtda milli ýaryşlaryň geçiriljekdigi, ýeňijileriň dörtden bir finaldan, ýarym finaldan we finaldan ybarat final tapgyryna gatnaşjakdygy bellidir. Bije çekişigi geçiriler we ýaryşdan çykmagyň Olimpiýa sistemasyna laýyklykda iň gowulary kesgitlener.
2024-nji ýylda final 15-16 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň arasynda 7 agram derejesinde geçiriler.
Geljekde agram derejeleriniň sanyny 34-e çenli giňeltmek, olary iki ýaş toparyna: 13-14 ýaş we 15-16 ýaş üçin bölmek meýilleşdirilýär.
Ýaryşyň final bölegi 3 günüň dowamynda geçiriler.


düýn 17:52
4.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......