UFC 300: ýubileý ýaryşyň netijeleriniň doly sanawy

  • 14.04.2024 21:23
  • 15k+

14-nji aprelde Paradaýs (ABŞ) şäherindäki “Ti-Mobaýl Arenada” UFC-niň 300-nji belgili ýubileý ýaryşy geçirildi. TmCars täsirli nokautlar, demikdiriji usullar we garaşylmadyk netijeler bilen garyşyk başa-baş söweş sungatyny söýüjileriň ýadynda galjak ýaryşyň netijesini hödürleýär.

Agşamyň esasy söweşinde Aleks Pereýra birinji raundda Jamal Hilli nokauta gidirdi we ýarym agyr agramda çempion titulyny gorady. 
Ýeňil agramda dalaşgärler söweşinde Arman Sarukýan eks-çempion Çarlz Oliweýradan üstün çykdy. Maks Holloueý bäşinji raundda Jastin Getjini nokauta gidirip, promouşeniň “iň howply” söweşijisi titulyny – BMF guşagyny gazandy. Biz bu barada has jikme-jik habar berdik.
Zenanlar söweşinde Weýli Çžan Sýaonan Ýandan üstün çykdy we minimal agramda guşagy saklady.
Ýaryşyň beýleki söweşleriniň netijeleri:

  • Irži Prohazka ikinji raundda tehniki nokaut bilen Aleksandr Rakiçi ýeňdi.
  • Aljameýn Sterling emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen Kelwin Kattardan üstün çykdy.
  • Bo Nikal ikinji raundda demikdiriji usul bilen Kodi Brandeýji ýeňdi.
  • Kaýla Harrison ikinji raundda Holli Holmy demikdirdi.
  • Diego Lopes birinji raundda Sodik Ýusuffy tehniki nokauta gidirdi.
  • Renato Moýkano tehniki nokaut bilen Jalin Týorneri ýeňdi.
  • Jessika Andrade emin agzalarynyň tapawutly karary bilen Marina Rodrigesden üstün çykdy.
  • Bobbi Grin emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen Jim Milleri ýeňdi.
  • Deýwison Figeýredu ikinji raundda Kodi Garbrandty demikdirdi.

Agşamyň iň gowy çykyşlary Maks Holloueý bilen Irži Prohazkanyň gatnaşmagynda geçirilen söweşler boldy. Şeýlelikde, Jastin Getji bilen Irži Prohazka 300 müň dollar möçberde bonus alarlar, Maks Holloueý bolsa iki nominasiýada gazanan ýeňşi üçin 600 müň dollar alar. 


düýn 20:02
2.8k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
6.8k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.6k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......