Hyundai Tucson L modeliniň iki sany täze görnüşini hödürlär

  • 10.04.2024 22:27
  • 3.4k+

Meşhur krossoweriň süýndürilen täze Hyundai Tucson L görnüşiniň suratlary we aýratynlyklary Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň maglumatlar bazasynda çap edildi. IXBT.com-yň habar bermegine görä, awtoulag aprel aýynyň ahyrynda geçiriljek Pekin awtoulag sergisinde görkeziler.

Çap edilen maglumata görä, Hyundai Tucson L benzin we benzin-elektrik gibrid hereketlendirijileri bilen elýeterli bolar. Benzin görnüşi 147 kWt (200 at güýji) öndürýän 1,5 litrlik hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylar.
Gibrid görnüşinde 110,5 kWt (150 at güýji) bolan 2,0 litrlik benzinli hereketlendirijisi we güýji entek yglan edilmedik elektrik hereketlendirijisi bolar.
Täze Tucson L-iň uzynlygy 4670 mm, ini 1865 mm, beýikligi 1690 mm we teker bazasy 2755 mm.
Hyundai Tucson L-iň daşky görnüşi has uzyn göwrümi, birneme üýtgedilen radiator paneli we bamperleri bilen adaty görnüşinden tapawutlanýar. Tanyş farlary we gyýak şekilli yzky çyralary öňküligine galdyryldy. Gibrid wersiýasynda benzin görnüşinden tapawutlandyrýan degişli nyşan bar.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....