Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk tassyklanyldy

  • 09.04.2024 00:31
  • 10k+

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky Hökümetara şertnamany tassyklaýan karara gol çekdi. Bu barada ORIENT agentligi Türkiýäniň döwlet gazeti bolan “Resmi Gazete” salgylanyp habar berýär.

Üç ýurt harytlar we hyzmatlar, energetika, oba hojalygy, azyk önümçiligi we maldarçylyk, gurluşyk pudagy, maşyn önümçiligi, enjamlar we materiallar, maşyngurluşygy we awtoulag senagaty, himiýa senagaty, dokma pudagy, senagat, ulag we logistika, maliýe pudagy we maýa goýumlary ýaly dürli ugurlarda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar.
Mundan başga-da, şertnamada lukmançylyk hyzmatlary we tehnologiýalary, derman senagaty, syýahatçylyk, kiçi we orta kärhanalar, kompýuterleri, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny, kosmos pudagy we howa giňişligi, poçta hyzmatlary boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutulýar.
Bu ylalaşyk 2022-nji ýylyň dekabrynda, Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň - Serdar Berdimuhamedowyň, Ilham Alyýewiň we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda bolan ilkinji sammitinde gol çekilipdi.
Sammit ykdysady ugurda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirildi. Gepleşikleriň netijesinde Aşgabat, Baku we Ankara hyzmatdaşlyk barada üç taraplaýyn resminama hem gol çekdi.


şu gün 07:51
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
980

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......