Serdar Berdimuhamedow 3 aýyň jemleri boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

  • 04.04.2024 05:46
  • 17k+

3-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky harby gulluga çagyrylyşynyň barşy barada hasabat berildi.
Serdar Berdimuhamedow Goranmak ministrligine degişli birnäçe desgalary gurmak we durkuny täzelemek baradaky resminama gol çekdi.
Baş prokuror B.Muhamedow sanly ulgamy ornaşdyrmak, prokuratura edaralarynyň işgärler kuwwatyny berkitmek ugrunda görülýän çäreler barada aýtdy.
Döwlet Baştutany ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, beýleki edara-kärhanalar tarapyndan kanunçylygyň takyk hem-de birmeňzeş berjaý edilişine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini aýdyp, Baş prokurora ýol berilýän düzgün bozulmalaryny ýüze çykaryp, olary öz wagtynda düzetmek üçin çäreleri görmegi tabşyrdy.
Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri, kazyýet işini talabalaýyk alyp barmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, degişli düzümleriň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýolbaşçylyk edýän edarasyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen bagly meseleler barada aýtdy.
Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, düzümleýin edaralara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleribarada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew döwlet Baştutanynyň garamagyna gullugyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Döwlet Baştutany degişli Karara gol çekip, häzirki wagtda gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, onuň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.


düýn 20:46
926

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......