Raşid Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça wekili bilen duşuşdy

  • 03.04.2024 14:33
  • 9.7k+

2-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar “Türkmenistanyň Hökümetiniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde 2023-nji ýylda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň Meýilnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilendigini kanagatlanma bilen nygtadylar.
2024-nji ýyldaky çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde Türkmenistanyň Hökümetiniň we MHG-niň bilelikdäki taslamalaryny ýakyn geljekde durmuşa geçirmegiň meselelerine garaldy.
Mundan başga-da, gepleşikleriň barşynda 2019-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasyna laýyklykda ýurtda raýatlygy bolmadyk adamlary aradan aýyrmak boýunça ulgamlaýyn işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda durlup geçildi.
Raýatlygy bolmadyk adamlaryň sanyny azaltmak we onuň öňüni almak ugrunda Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini bellemek bilen, Türkmenistanyň bosgunlar, raýatlygy bolmadyk adamlar we migrantlar bilen baglanyşykly meseleleri milli we halkara derejesinde çözmek baradaky borçnamalaryna wepalydygy mälim edildi.
Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......