Stiw Jobsuň ulagjaýyndan başlanyp, pudagyň liderligine çenli: Apple 48 ýaşady

  • 02.04.2024 12:45
  • 7.8k+

2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde Apple-iň döredilenine 48 ýyl doldy. Stiw Jobsuň ýönekeýje ulagjaýyndan işini ugrukdyryp başlan kompaniýa häzirki wagtda dünýäde iň täsirli we täzelikçi kompaniýalaryň birine öwrüldi.

Öz taryhynyň dowamynda Apple 1984-nji ýylda ilkinji Macintosh-y çykmak bilen, personal kompýuter pudagynda öwrülişik döretdi. 2007-nji ýylda täze ülňüleri kesgitleýän we tutuş bir pudagy döreden iPhone-yň peýda bolmagy netijesinde  ykjam enjamlar bazarynda bir öwrülişik boldy.
Bu günki gün Apple diňe bir Mac kompýuterlerini we iPhone smartfonlaryny hödürlemek bilen çäklenmän, eýsem iPad planşetlerini, Apple Watch akylly sagatlaryny, AirPods simsiz gulaklyklaryny we başga-da köp zatlary çykarýar. Ýaňy-ýakynda kompaniýa ýene bir öwrülişikli enjamy - Apple Vision Pro garyşyk hakykat gulaklygyny hödürledi.
Kompaniýanyň App Store, Apple Music, iCloud ýaly hyzmatlary bütin dünýäde meşhurdyr.


19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....