Apple iPhone üçin Samsung displeýlerini gymmat hasaplaýar. Kompaniýa başga hyzmatdaşyň gözleginde

  • 30.03.2024 23:47
  • 7.5k+

Samsung Display Apple kompaniýasyna iPhone SE 4 üçin her biri 30 dollar bahada paneller bilen üpjün etmegi teklip etdi. Ýöne Apple bu bahany örän gymmat hasaplap, teklipden ýüz öwürdi. Bu barada gizmochina salgylanyp, ixbt.com habar berýär.

Netijede, Samsung gepleşik prosesinden çykdy. Habar berlişi ýaly, kupertinoly kompaniýa bir panel üçin 25 dollar bahada has tygşytly wariant gözleýär. Şol bir wagtyň özünde, Apple displeý önümçiliginde zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin Hytaýyň BOE öndürijisi bilen gepleşik geçirýär. Displeýleriň iň gymmat smartfon komponentleriniň biridigini göz öňünde tutsaň, kompaniýanyň arzan iPhone SE hatary üçin çykdajylaryny tygşytlamak islegi düşnüklidir.
Mundan başga-da, iPhone SE 4-üň Face ID, kämilleşdirilen 48 Mp esasy kamera we has çalt platforma bilen üpjün edilmegine garaşylýar. Muňa garamazdan, displeý üpjün edijisiniň üýtgemegi önümçilik tertibine ýa-da gurluşyň ahyrky ownuk söwda bahasyna täsir edip biler.
Gürrüňlere görä, kompaniýa 2025-nji ýylda 15 mln iPhone SE 4 smartfonyny çykarmagy meýilleşdirýär.


09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3.1k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......