Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe kanunlary kabul etdi

  • 30.03.2024 17:52
  • 37k+

Şu gün,  30-njy martda Türkmenistanyň Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty geçirildi. Maslahatda deputatlar birnäçe kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de kabul etdiler diýip, milli Parlamentiň Metbugat gullugy habar berýär.

Mejlisiň nobatdaky maslahatynyň barşynda deputatlar «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny,  «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul etdiler.
Deputatlar «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda», Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garadylar. Bu Ylalaşyk Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ulag-logistika baradaky işleri hukuk taýdan düzgünleşdirýär. 
Şeýle hem «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Şeýle hem kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» kanunda maýyplygy bolan adamlaryň we saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyny has-da höweslendirmek hem-de dünýä tejribesinde kabul edilen kadalara laýyk getirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly adynyň we «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly adynyň Düzgünnamalaryny kämilleşdirmek göz öňünde tutuldy. Munuň özi mümkinçilikleri çäkli hem-de maýyplygy bolan adamlaryň sport bilen meşgullanmagyny höweslendirmekde uly ýardam eder. 


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......