Gözleg: Soňky ýyllarda aýdymlaryň sözleri has ýönekeýleşdi we birmeňzeşleşdi

  • 30.03.2024 16:35
  • 7.9k+

1980-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli iňlis dilindäki ýoň bolan estrada aýdymlarynyň  seljermesi ähli meşhur žanrlaryň (rep, kantri, pop, R&B, rok) aýdymlarynyň sözleriniň has ýönekeýleşendigini we birmeňzeşleşendigini görkezdi. Bu barada Scientific Reports žurnalynda çap edilen materialda aýdylýar.

Awstriýanyň we Germaniýanyň Nýurnberg saz uniwersitetiniň alymlary 350 000-den gowrak aýdyma seljerme berdiler. Gözleg üçin maglumatlar dünýädäki iň uly aýdym ýygyndylaryndan we olaryň tekstlerinden ybarat bolan Genius web sahypasyndan, şeýle hem meşhur onlaýn aýdym-saz diňleýiş hyzmatyndan (Last.fm) alyndy.
Ilki bilen gözlegçiler dürli deskriptorlary – aýdym tekstleriniň belli bir žanrynyň we çykan ýylynyň kompozisiýalaryna mahsus sözleriniň aýratynlyklaryny kesgitlediler. Olar lirikanyň leksik, lingwistik we gurluş aýratynlyklaryny, şeýle hem tekstleriň depginini, emosional öwüşginini we çylşyrymlylygyny öwrendiler.
Gözlegiň ikinji tapgyrynda aýdymyň tekstiniň ýüze çykarylan deskriptorlarynyň, kompozisiýalaryň meşhurlygynyň (diňleniş statistikasyna we olaryň tekstiniň mazmunyna bolan garaýyşlara esaslanyp) we çykan ýylynyň arasyndaky baglanyşygy yzarlamak üçin 12 000 aýdymdan ybarat (bäş žanryň her biri üçin 2400) deňagramly toplum ulanyldy. Şeýle hem alymlar her bir reanr üçin wagtyň geçmegi bilen meşhur aýdym sözleriniň ewolýusiýasyna baha berdiler.
Netijede, tekstlerdäki üýtgeşik sözleriň sanynyň azalandygy ýüze çykaryldy. Şol bir wagtyň özünde, rep kompozisiýalarynda, tersine, üç ýa-da has köp bogunly sözleriň artandygy anyklandy. Şeýle-de bolsa, bu leksiki dürlüligiň umumy azalmagynyň öwezini dolmaýar.
Hünärmenleriň pikiriçe, aýdymlaryň mazmunynyň ýönekeýleşdirilmegi adamlaryň ünsi aýdymlarda jemlenmän, aýdym-sazy fonda diňleýänleriň köpelmegi bilen baglanyşykly bolup biler.
Aýdymlaryň sözleri has emosional we şahsy boldy. Repde emosional sözleriň ulanylyşy artdy we R&B, kantri we pop stilindäki aýdymlar has "negatiwleşdi". Umuman aýdanyňda, ähli žanrlardaky sözlerde gahar bilen baglanyşykly sözler has köp, häzirki zaman hitleri gahary, ýigrenç duýgusyny, gorkyny we gynanjy has köp beýan edýär we şadyýan sözli aýdymlar bolsa azaldy.
Gözleg iňlis dilindäki kompozisiýalar boýunça geçirilen hem bolsa, dürli dilleriň öz ösüşinde umumy kanunlara tabyn bolýandyklaryny göz öňünde tutup, kesgitlenen tendensiýalaryň beýleki diller babatynda hem dogrudygyny çaklamak bolar.
Bir tarapdan, aýdym tekstleriniň ýönekeýleşdirilmegi aýdym-sazy giň köpçülige has elýeterli edip biler. Beýleki tarapdan, aýdymlaryň diliniň garyplaşmagy medeni derejäniň peselmegine we aýdym-saz sungatynyň manysynyň daralmagyna sebäp bolup biler.

şu gün 07:44
391

Gresiýanyň adasynda pişiklere seredeniň üçin mugt ýaşaýyş jaýy hödürlenilýär

Syroscats haýwanlary goramak guramasy Gresiýanyň Siros adasynda işlemek üçin 2027-nji ýyl boýunça meýletinçileri hasaba alyp başlajakdygyny yglan etdi. Maksatnama gatnaşyjylar pişiklere seredendikleri üçin......

düýn 20:48
848

Şerlok Holmsuň älemindäki professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler

Artur Konan Doýluň kitaplaryndaky Şerlok Holmsyň äleminden ady belli duşman bolan professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler. Taslama klassiki gahrymanyň keşbiniň häzirki zaman äheňinde gaýtadan......

düýn 20:32
3.9k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

düýn 17:31
707

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....