Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

  • 28.03.2024 12:16
  • 3.9k+

27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyz bilen bu düzümiň arasynda köpugurly gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi bu babatda ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurdumyzyň guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edip, bu köptaraply düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam bermäge çalyşýandygyny belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Munuň özi, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, ekologiýa we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklara degişlidir. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz tarapyndan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, energetika ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Ýurdumyz tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, onuň iberilişini, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişligindäki sarp edijilere we üstaşyr geçirijilere iberilmegini ep-esli diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardyr.
Ulag ulgamy özara gatnaşyklaryň beýleki bir möhüm ugrudyr. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan öz geografik taýdan amatly ýerleşmegini nazara alyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde ulag-logistika merkezlerini ösdürmäge we olaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgelerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge has işjeň gatnaşmaga çagyrdy.


şu gün 07:42
809

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......