Barselonada 144 ýyldan soň Sagrada Familiýa ybadathanasynyň gurluşygy tamamlanar

  • 27.03.2024 22:47
  • 14k+

Barselonada meşhur Keramatly Maşgala (Sagrada Familiýa) ybadathanasynyň gurluşygy gurluşyk başlanandan 144 ýyl soň, 2026-njy ýylda tamamlanar. Bu barada gurluşygy alyp barýan guramanyň prezidenti Estewe Kempsyň beren beýanatyna salgylanýan The Guardian habar berdi.

172,5 metr beýiklikdäki merkezi diň ýakyn ýyllarda gurlar. Kempsyň sözlerine görä, baş ybadathananyň gurluşygyny tamamlamak üçin ähli zerur serişdeler we materiallar bar.
Binanyň özi 2026-njy ýylda gurlup gutarylar, ýöne heýkeller we basgançaklar ýaly bezeg elementleriniň üstünde işlemek has uzaga çeker. Ähli işleri 2034-nji ýylda gutarnykly tamamlamak meýilleşdirilýär.
Sagrada Familiýanyň gurluşygy 1882-nji ýylda oba hojalyk maksady bilen ulanylýan ýerde başlandy. Ybadathana Kataloniýanyň meşhur binagäri Antonio Gaudi tarapyndan taslamalaşdyryldy.
Uly göwrümli taslama-pikir awtor aýatda dirikä durmuşa geçirilmedi, ýöne Barselonanyň ýaşaýjylary ybadathananyň üstünde işlemegi dowam etdirdiler. Gurluşyk üçin serişde haýyr-sahawatyň hasabyna ýygnaldy we soňky onýyllyklarda bolsa ybadathananyň gurluşygy syýahatçylykdan gelýän puluň hasabyna dowam etdirildi.


düýn 09:50
4.6k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.2k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.9k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.7k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......