Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga aldy

  • 27.03.2024 15:52
  • 12k+

26-njy martda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy.

Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, TÜRKSOÝ-na agza hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarydyr ylmy wekiliýetleri bar.
Bu ýerde dabara gatnaşýan ýurtlaryň wekilleriniň sergi diwarlyklary hem ýaýbaňlandyryldy. Doganlyk ýurtlaryň her biri amaly-haşam sungatynyň, halk senetçiliginiň dürli görnüşlerini, hojalyk önümlerini we geçmişden galan beýleki gymmatlyklary görkezdi.
Soňra “Türkmeniň ak öýi” binasynyň mejlisler zalynda giň gerimli baýramçylyk konserti guraldy. Onda Türkmenistanyň hem-de türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlary çykyş etdiler. Sahnada ýaýbaňlandyrylan ajaýyp çykyşlaryň esasyny medeniýetleriň dialogy, halklaryň dostlugy baradaky garaýyşlar düzdi.
Gazagystanyň “Hazyna” we Gyrgyzystanyň “Dilgir” tans toparlary ajaýyp halk tanslaryny görkezdiler. Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan we Saha (Ýakutiýa) Respublikalaryndan, Moldowadan (Gagauziýa) gelen sungat ussatlary dürli aýdymlary ýerine ýetirdiler. Sahnada türk we özbek halk saz toparlarynyň milli nusgawy saz gurallarynda ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlary ýaňlandy. Olar dürli žanrlara degişli eserleriň özboluşly ýerine ýetiriş usulyny görkezdiler. “Altyn garagöz” (Türkiýe Respublikasy) we “Buhoro mawjlari” (Özbegistan) halk tans toparlarynyň çykyşlary joşgunly aýdymlary, ajaýyp halk tanslary bilen tapawutlandy. “Meňli” tans toparynyň Tywa Respublikasyndan (Russiýa Federasiýasy) “Edegeý” tans we moda teatrynyň sungat ussatlary bilen bilelikde ýerine ýetiren “Bilezik” atly aýdym-sazly kompozisiýasy konserte aýratyn bezeg berdi. “Galkynyş”, “Näzli”, “Laçyn”, “Miras”, “Serpaý”, “Aşgabat” ýaly toparlar özüne çekiji tansly sahna çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Medeni maksatnamanyň çäklerinde myhmanlar Seýit Jemaleddin metjidine, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine, paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň gözel ýerlerine baryp gördüler.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......