Serdar Berdimuhamedow Änewde geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylary gutlady

  • 26.03.2024 13:18
  • 10k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy bilen gutlady.

"Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda özboluşly orny eýeleýän Änew şäheri milli medeni we taryhy ýadygärlikleri özünde jemleýän gadymy şäherleriň biridir. 1904-nji ýylda Änewiň arheologik depelerinde geçirilen gazuw-barlag işleri bu ýerde eneolit döwründe ýaýran ekerançylyk medeniýeti barada köp sanly gymmatly maglumatlary ýüze çykardy. Şol gazuw-barlag işleriniň dowamynda ýadygärligiň bu döwre degişli medeni gatlaklarynda gadymy desgalaryň diwar galyndylary, zähmet gurallary, keramika önümleri bilen bir hatarda, ak bugdaýyň däneleri hem ýüze çykaryldy. Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň Änew şäherinde bina edilmegi-de şu hakykat bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu açyşlardan soňra, sebitiň eneolit döwrüniň arheologik medeniýeti «Änew medeniýeti» ady bilen dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýaň saldy. XX asyryň ortalarynda Änew medeniýetine degişli başga-da birnäçe ýadygärlikler ýüze çykaryldy. Orta asyrlarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Änew galasy gülläp ösen şäherçä öwrülipdir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Änew şäheri barha pajarlap ösýär, bu ýerde medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek medeni çäreler TÜRKSOÝ-na agza ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da ösdürer diýip umyt edýärin. Şolaryň hatarynda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahatyň, «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahatynyň we türki halklaryň suratkeşleriniň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň işgärleriniň, fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisiniň biziň halklarymyzyň medeniýet we sungat wekilleriniň döredijilikli hyzmatdaşlygynyň kämilleşmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn" diýlip Gutlagda aýdylýar.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......