2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagtyna bagyşlanan çäreler badalga alýar

  • 26.03.2024 13:08
  • 7.7k+

Türkmenistanda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler badalga aldy.

26-njy martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda çäreleriň açylyş dabarasy geçiriler. Dabaranyň çäklerinde konsert, sergi we beýleki çäreler geçiriler. Çärelere türki döwletleriň wekilleriniň, şeýle hem halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
28-nji martda "Türkmen topragy - gadymy medeniýetleriň merkezi" atly mediaforum geçiriler. Ol diňe bir Änew şäherine däl, eýsem, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna hem bagyşlanýar. Çärä TÜRKSOÝ döwletlerinden žurnalistler we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hyzmatdaşlary gatnaşar. Forum 4 bölümçede geçiriler - "Türki medeniýetiniň bitewiligi we onuň HBS-däki orny", "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy", "Sanly media we täzelikler" we "Filmler, animasiýalar we kinofestiwallary".
Myhmanlar üçin Aşgabadyň we Arkadag şäherleriniň taryhy we medeni ýerlerine syýahat guralar.
27-28-nji martda "Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri" atly halkara maslahat geçiriler. Maslahata halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we dürli ýurtlaryň syýahatçylyk operatorlary çagyryldy.
Maslahatyň çäklerinde hünärmenleriň duşuşyklaryny, ylmy-amaly forumy geçirmek, şeýle hem hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. 
29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli giň gerimli çäreler geçiriler.


şu gün 00:03
516

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 11:22
4.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......