Owganystan Türkmenistanda harytlarynyň ýene bir sergisini geçirmegi meýilleşdirýär

  • 26.03.2024 12:42
  • 8.8k+

Owganystanyň Senagat we söwda ministrligi 1403-nji Gün hijrisi ýylynda (2024-nji ýylyň 20-nji martynda başlady) ýurduň içinde we daşary ýurtlarda 30-dan gowrak sergi guramagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Orient agentliginiň TOLO news-e salgylanyp habar bermegine görä, bu maksatnamanyň çäklerinde Owganystanyň Senagat we söwda ministrligi Türkmenistanda owgan harytlarynyň ýene bir sergisini guramagy göz öňünde tutýar.
Aşgabatda Owganystanda öndürilen önümleriň ilkinji sergisi 2024-nji ýylyň 4 – 6-njy martynda geçirildi we ol owgan wekiliýeti tarapyndan üstünlikli diýlip kabul edildi. Öndürijiler birnäçe şertnama baglaşyp bildiler diýip, çeşmeler belleýär.
Türkmenistandan daşary owgan häkimiýetleri öz önümlerini Gazagystanda, Özbegistanda, Eýranda, Türkiýede, Russiýada, Hindistanda we Hytaýda görkezmegi meýilleşdirýär.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......