Türkmenistanda «CyberQuest» hakatonyň ýeňijileri yglan edildi

  • 25.03.2024 14:29
  • 6.9k+

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «CyberQuest» intellektual IT-bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Bäsleşik ýokary okuw mekdebi tarapyndan 18-19-njy martda ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bäsleşigiň ýokary – Gran-pri baýragyna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplar topary mynasyp boldy.
Birinji orunlaryň ikisi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryna berildi.
Ikinji orunlary Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary eýelediler.
Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary üçünji orunlaryň eýeleri boldular.
Talyplaryň arasynda geçirilen toparlaýyn IT-bäsleşigi oňa gatnaşyjylaryň sanly tehnologiýalar ulgamynda bilim derejelerine we ukyp-başarnyklaryna baha bermäge, bu ugurda ösen pikirlenişi bolan hem-de häzirki zamanyň sanly dünýäsinde erkin ugur almaga ukyply has zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.
«CyberQuest» talyplar üçin öz mümkinçiliklerini açmaga, toparda işlemek başarnyklaryny görkezmäge hem-de IT ulgamynda öňde goýlan wezipelere hötde gelmäge ukyplaryny görkezmäge mümkinçilik berdi.


düýn 23:39
2.1k+

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.8k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......