ABŞ Meksikany utup, yzygider üçünji gezek KONKAKAF Milletler ligasynda ýeňiji boldy

  • 25.03.2024 18:01
  • 9.2k+

ABŞ-nyň milli futbol ýygyndysy KONKAKAF Milletler ligasynyň finalynda Meksikanyň milli toparyny 2:0 hasabynda utup, bu ýaryşda yzygider üçünji ýeňşini gazandy. Oýun Arlingtondaky (ABŞ) “EýTi-end-Ti Stedium” stadionynda geçirildi.

Gollary hasaplaryna ýarym goragçylar Taýler Adams we Jowanni Reýna ýazdy.
Mundan öň, üçünji ýer ugrundaky oýunda Ýamaýkanyň milli ýygyndysy Panamany 1:0 hasabynda utdy.
ABŞ bu ýaryşda agdyklyk edýär. 2021-nji ýylda birinji KONKAKAF Milletler ligasy ýaryşynda amerikan ýygyndysy finalda Meksikany goşmaça wagtda 3:2 hasabynda utdy. 2023-nji ýylyň tomsunda geçirilen ikinji ýaryşyň finalynda ABŞ Kanadanyň milli ýygyndysyny 2:0 hasabynda utdy.
Belläp geçsek, ABŞ, Kanada we Meksika 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna ýollamany eýýäm awtomatik ýagdaýda aldylar, sebäbi olar ýaryşyň ýer eýeleridir.


düýn 23:39
4.9k+

Futbola düşünip bilmeýärler: iň kämil EA modelleri hem APL-de pul goýup, tüwmaýak galdylar

Google, OpenAI, Anthropic we xAI ýaly tehnologiýa ägirtleriniň döreden emeli aň modelleri Iňlis Premýer-ligasynyň oýunlaryna wirtual pul goýup, uly zyýan çekdiler. Financial Times neşiriniň habar bermegine......

13.04.2026 15:30
4.6k+

Ýewropanyň top-ligalarynda ilkinji gezek erkekler toparyna zenan tälimçi bellendi

34 ýaşly Mari-Luize Eta Berliniň «Union» futbol klubunyň baş tälimçisi boldy. Ol bu wezipede pes netijeler sebäpli işinden boşadylan Şteffen Baumgarty çalyşdy....

12.04.2026 21:12
3.7k+

FIFA çaklamalar biržasy bilen taryhda ilkinji gezek şertnama baglaşandygyny yglan etdi

Halkara futbol federasiýasy Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän ADI Predictstreet kompaniýasy bilen köp ýyllyk şertnama baglaşdy we bu guramanyň taryhynda täjirçilik oýunlaryny çaklamak boýunça ilkinji......

12.04.2026 00:14
4.5k+

«Liwerpul» Endrýu Robertsonyň topardan gidýändigini mälim etdi

«Liwerpul» futbol kluby goragçy Endrýu Robertsonyň şu möwsümiň ahyrynda topardan gitjekdigini habar berdi....