Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy myhmançylykda Eýrandan ýeňildi

  • 22.03.2024 17:23
  • 23k+

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä çempionaty - 2026-nyň ikinji saýlama tapgyrynyň 3-nji tapgyr duşuşygynda Eýrandan ýeňildi. Tähranda "Azady" stadionynda geçirilen duşuşyk 5:0 hasabynda tamamlandy.

Eýranyň düzüminde "Persepolisiň" goragçysy Hosseýn Kanaani dubl etdi (10-njy we 48-nji minutlar). Bir goldan "Romanyň" hüjümçisi Serdar Azmun (13), "Rostowyň" ýarymgoragçysy Mohammad Mohebi (56) we "Sepahanyň" goragçysy Omid Nurafkan (90+2) geçirdi.
"E" toparda ugurdaş duşuşykda Özbegistanyň milli ýygyndysy myhmançylykda 2:0 hasabynda Gonkongdan üstün çykdy.
Türkmenistanyň milli ýygyndysy Dünýä çempionaty 2026-nyň üç sany saýlama tapgyr duşuşygyndan soň toparda üçünji orny eýeleýär. Birinji oýunda türkmen futbolçylary 1:3 hasabynda Özbegistandan ýeňildiler, ikinji oýunda Gonkong bilen 2:2 deňme-deň oýnadylar.
Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda jogap duşuşygy 26-njy martda Aşgabatda geçiriler.


düýn 13:51
8.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......