Finlýandiýa yzygider ýedinji ýyl dünýäniň iň bagtly ýurdy boldy

  • 21.03.2024 06:15
  • 10k+

Finlýandiýa yzygider ýedinji ýyl dünýäde iň bagtly ýurt diýlip ykrar edildi. Bu barada BMG-niň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan Bütindünýä bagt dokladyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Reýtingde Demirgazyk Ýewropanyň ýurtlary ýene iň ýokary orunlary eýelediler: ikinji orunda – Daniýa, üçünji – Islandiýa, dördünji – Şwesiýa. Sanawda soňky orny (143-nji orun) Owganystan eýeledi.
Bütindünýä bagt doklady BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlangyjy bilen 2012-nji ýyldan bäri çap edilýär. Reýting düzülende gözlegçiler ilatyň jan başyna düşýän JIÖ, sosial goldaw derejesi, ömür dowamlylygy, raýat azatlyklarynyň berjaý edilişi, iş kepilligi, korrupsiýa derejesi we ş.m. ýaly görkezijileri göz öňünde tutýarlar. Esas hökmünde üçýyllyk döwürde toplanan ortaça görkezijiler alynýar.
Reýtingiň neşir edilmegi 20-nji martda bellenilýän Halkara bagt gününe gabat getirildi.


09.09.2025 23:48
1.9k+

Raşid Meredow Finlýandiýanyň ÝHHG-däki Ýörite wekili bilen duşuşdy

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Finlýandiýanyň ÝHHG-däki Ýörite wekili Teri Hakala bilen duşuşyk geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady-ekologik we ynsanperwer ugurlaryň çäklerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar...

06.12.2024 12:36
2.7k+

Serdar Berdimuhamedow Aleksandr Stubby Finlýandiýanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýanyň Prezidenti Aleksandr Stubba ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp...

09.09.2024 14:34
3.5k+

Türkmen wekiliýeti hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşmak üçin Finlýandiýada boldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide EastCham Finland binasynda «Finnish Water Forum», «Watermaster», «Wärtsilä»...

17.05.2024 10:32
4.6k+

Finlýandiýada dünýäniň iň uly ýel generatorlarynyň parklarynyň biri açyldy

Finlýandiýanyň Fortum we Helen kompaniýalary iň uly ýel generatorlarynyň parklarynyň biriniň gurluşygyny tamamladylar. Bu barada TASS habar berýär. Finlýandiýanyň günbatarynda ýerleşýän bu park 56 sany ýel turbinasyndan...