Finlýandiýada dünýäniň iň uly ýel generatorlarynyň parklarynyň biri açyldy

  • 17.05.2024 10:32
  • 4.7k+

Finlýandiýanyň Fortum we Helen kompaniýalary iň uly ýel generatorlarynyň parklarynyň biriniň gurluşygyny tamamladylar. Bu barada TASS habar berýär.

Finlýandiýanyň günbatarynda ýerleşýän bu park 56 sany ýel turbinasyndan ybarat bolup, ýylda 1 TWt/s-den gowrak energiýa öndürmäge ukyplydyr. Bu ýurtdaky ýel energiýasynyň umumy önümçiliginiň 5%-ini emele getirýär.
Fortum ýel elektrik stansiýasynyň paýnamalarynyň 60%-ine, Helen 40%-ine eýeçilik edýär. Soňkusy elektrik stansiýasynyň hyzmat ediş möhletiniň dowamynda öndürilýän energiýanyň, takmynan, 50%-ini satyn almak isleýär.
Ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy 2022-nji ýylda başlady we bellenilen möhletde tamamlandy. Uly ýel turbinalaryny daşamak uly göwrümli ýüklere ýöriteleşdirilen Kaskinen portunyň üsti bilen amala aşyryldy. Uly ýel turbinalaryny gurnalýan ýere daşamak üçin 728 gatnaw gerek boldy.
Ýel elektrik stansiýasy Nýarpiýo we Kristiinankaupunki sebitleriniň ykdysadyýetine uly täsir eder. Ýer kärendesinden we emläk salgydyndan gelýän girdejiler ýylda millionlarça ýewro bolar.


13.04.2026 00:13
4.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Bu barada «TDH» habar berýär....

11.04.2026 23:33
8k+

Hökümet mejlisinde Lebap welaýatynda gurluşygy alnyp barylýan iri desgalar barada maglumat berildi

10-njy aprelde Lebap welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow beýleki meseleler bilen bir hatarda, bu sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň meselelerine hem......

28.03.2026 01:21
4.2k+

Türkmenistanda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi makullady. Bu barada 27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet......

18.03.2026 14:27
1.6k+

Tesla we LG ABŞ-da 4,3 milliard dollarlyk batareýa zawodyny gurar

Tesla we LG Energy Solutions kompaniýalary ABŞ-da batareýa öndürýän zawod gurmak barada ylalaşdylar. Maýa goýumyň umumy möçberi 4,3 milliard dollara deň bolar we zawody 2027-nji ýylda açmak meýilleşdirilýär. Zawod Miçigan ştatynyň Lansing şäherinde ýerleşer...