Türkmenistanyň ilçisi Finlýandiýanyň Prezidentiniň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşdy

  • 05.03.2024 22:53
  • 9k+

Türkmenistanyň Finlýandiýa Respublikasyndaky ilçisi Ý.Serýaýew (oturýan ýeri London ş.) Finlýandiýanyň täze saýlanan prezidenti Aleksander Stubbyň inaugurasiýasyna gatnaşdy. Dabara 1-nji martda geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Ýurduň Parlamentinde geçirilen çärede öňki prezident Sauli Niinistu we täze saýlanan döwlet baştutany Aleksander Stubb we Parlamentiň başlygy Ýussi Halla-aho çykyş etdiler.
Inaugurasiýa tamamlanandan soňra Prezident köşgünde öňki we täze prezidentler Finlýandiýada akkreditirlenen ilçiler bilen duşuşdylar. Munuň çäklerinde, Türkmenistanyň ilçisi Finlýandiýanyň prezidenti Aleksandеr Stubby Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gutlady we iň gowy arzuwlary ýetirdi. Gutlag we arzuwlar minnetdarlyk bilen kabul edildi.
Şeýle-de Türkmenistanyň ilçisi Finlýandiýa Respublikasynyň daşary işler ministri Elina Waltoneniň diplomatik korpusy üçin gurnalan ýurduň daşary we howpsuzlyk syýasaty boýunça geçirilen brifingine gatnaşdy.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......