“Atletiko” we “Borussiýa” Çempionlar ligasynyň 1/4 finalyna çykdy

  • 14.03.2024 15:16
  • 6.5k+

Madridiň “Atletikosy” we Dortmundyň “Borussiýasy” UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň dörtden bir finalyna çykan soňky iki klub boldy.

“Atletiko” 1/8 finalyň jogap oýnunda “Metropolitano” stadionynda Milanyň “Interini” utdy. Toparlaryň arasyndaky birinji oýun “Interiň” peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlanypdy. Jogap oýnunda hasaby milanlylar açdy. 33-nji minutda Federiko Dimarko gol geçirdi. Ýöne tiz wagtdan Antuan Grizmannyň goly netijesinde “Atletiko” hasaby deňledi.
Oýnuň ahyrynda, 87-nji minutda gollandiýaly Memfis Depaý italýan klubunyň derwezesine ýene bir topy girizip, oýny goşmaça wagta geçirdi. Penalti tapgyrynda madridliler has takyk hereket etdi, olaryň derwezebany Ýan Oblak iki urgyny yzyna gaýtardy, “Interiň” lideri Lautaro Martines bolsa asla nyşana düşüp bilmedi – 3:2.

“Borussiýa” Dortmunddaky “Signal Iduna Park” stadionynda Eýndhowenden “PSW-ni” utdy. Nemes kluby eýýäm oýnuň başynda Jeýdon Sançonyň goly (3-nji minut) bilen hasaby açdy, ahyrky netijäni 95-nji minutda Marko Roýs kesgitledi – 2:0.
Şeýlelik bilen, “Atletiko” bilen “Borussiýa” Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynda “Arsenala”, “Bawariýa”, “Barselona”, “Mançester Sitä”, “Reala” we “Pari Sen-Žermene” goşuldy.
Ýaryşyň dörtden bir finalynyň, ýarym finalynyň we finalynyň bije çekişigi 15-nji martda Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçiriler.


düýn 15:42
5.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......