Lionel Messi milli çempionatlardaky 500-nji goluny geçirdi

  • 05.03.2024 13:47
  • 7.6k+

Argentinaly dünýä çempiony Lionel Messi «Inter Maýami» toparynyň düzüminde dubl etdi we şeýlelik bilen, üç ýurduň – Ispaniýanyň, Fransiýanyň we ABŞ-nyň çempionatlarynyň oýunlarynda 500 gol geçirdi.

Amerikanyň MLS çempionatynyň 3-nji tapgyrynda «Inter Maýami» «Orlando Siti» toparyndan 5:0 hasabynda üstün çykdy. Messiniň iki goly ony ýubileý belligine ýakynlaşdyrdy.
Indi argentinaly ýyldyz karýerasynyň dowamynda ýurtlaryň çempionatlarynda laýyk 500 gol geçirdi: Ispaniýanyň La Ligasynda 474, Fransiýanyň 1-nji Ligasynda 22 we MLS-iň adaty möwsüminde 4 gol.
Ýewropa ýaryşlaryny we dürli resmi ýaryşlary hasaba alsak, Messiniň klub derejesinde jemi 718 goly bar. Milli ýygyndydaky gollar bilen birlikde, ol karýerasynda 824 pökgi geçirdi.


düýn 15:42
6.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......