Jo Hart karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etdi

  • 24.02.2024 22:53
  • 7.1k+

Şotlandiýanyň «Seltik» toparynyň 36 ýaşly derwezebany Jo Hart 2023/24-nji möwsümiň ahyrynda karýerasyny tamamlajakdygyny mälim etdi.

«Jo ajaýyp karýerany başdan geçirdi we tomusda karýerasyny tamamlanda onuň futboly örän küýsejekdigini bilýärin. Futbolda eden ähli işleri üçin Jo uly öwgä we gutlaga mynasypdyr. Ol, elbetde, «Seltik» we umumy futbol üçin ajaýyp baýlyk bolupdy» diýip, «Seltigiň» baş tälimçisi Brendan Rojers belledi.

«Mançester Siti» toparynyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki derwezebany Jo Hart «Mançester Siti» bilen APL-iň iki gezek çempiony, Angliýanyň kubogynyň, Angliýanyň Superkubogynyň we iki gezek Angliýanyň ligasynyň kubogynyň eýesi boldy. Ol «Seltik» bilen iki gezek Şotlandiýanyň çempionatynda, bir gezek ýurduň Kubogynda we iki gezek Şotlandiýanyň ligasynyň kubogynda ýeňiji boldy.
Jo Hart Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 75 oýna gatnaşdy.


şu gün 14:25
3.7k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

şu gün 10:36
2.1k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

şu gün 09:54
977

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
14k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......