«Barselonanyň» futbolçysy Ýamal Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň iň ýaş oýunçysy boldy

  • 24.02.2024 16:29
  • 9.3k+

«Barselonanyň» futbolçysy Lamin Ýamal Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda «Napoli» bilen geçirilen ilkinji oýunda toparynyň başlangyç düzüminde meýdança çykdy.

«Gök-gyrmyzylaryň» futbolçysy Ýewropanyň iň abraýly klub ýaryşynyň pleý-off tapgyrynda meýdança çykan iň ýaş oýunçy boldy diýip, «Opta» habar berýär. Häzirki wagtda onuň ýaşy 16 ýaş 223 gün.
Ýamal «Barselonanyň» uçurymydyr we geçen ýyldan bäri esasy toparda oýnaýar. 16 ýaşly futbolçy 2022/2023-nji möwsümde «gök-gyrmyzylar» bilen La Ligada ýeňiji boldy.
Bu möwsüm ol toparyň düzüminde ähli ýaryşlarda 34 oýna gatnaşdy, şolarda bäş pökgi geçirdi we dört ýardam pasyny berdi. Oýunçynyň häzirki klub bilen şertnamasy 2026-njy ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli hereket edýär. «Transfermarkt» internet portalyna görä, futbolçynyň çak edilýän bahasy 60 million ýewro.


düýn 15:42
4.8k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
11k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.8k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......