Messi «Barselonanyň» muzeýine sekizinji «Altyn topuny» sowgat berdi

  • 22.02.2024 18:46
  • 21k+

2023-nji ýylyň iň gowy futbolçysy Lionel Messi «Barselonanyň» muzeýine sekizinji «Altyn topuny» berdi. Argentinaly futbolçynyň gazanan, dünýäniň iň gowy futbolçysyna gowşurylýan beýleki ýedi baýragy hem eýýäm bu ýerde ýerleşýär.

Şeýle hereket bilen Lionel Messi karýerasynyň aglaba bölegini geçiren «Barselona» toparyna uly hormat goýýandygyny görkezdi. Argentinaly futbolçy 2003-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli Kataloniýanyň klubunda çykyş etdi.
«RIA Nowosti» agentliginiň habar bermegine görä, Lionel Messi «Altyn toplarynyň» iň soňkusyny «Barselonanyň» muzeýine sowgat berdi. Şol bir wagtyň özünde, argentinaly ýyldyz «Pari Sen-Žermeniň» oýunçysy hökmünde 2023-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Bu baýrak Lioneliň gazanan öňki ýedi baýragynyň ýanynda durar.
Lionel Messi, 2009, 2010, 2011, 2012, 2015, 2019, 2021 we 2023-nji ýyllarda sekiz gezek dünýäde iň gowy futbolçy diýlip ykrar edildi. 


düýn 14:25
10k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.4k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

17.06.2026 12:40
11k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....