ÇL-iň 1/8 finaly: "Barselona" "Napolini" utup bilmedi, "Portu" soňky pursatda "Arsenaldan" üstün çykdy

  • 22.02.2024 08:39
  • 12k+

Italiýanyň "Napoli" klubunyň oýunçylary Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň birinji oýnunda Ispaniýanyň "Barselonasy" bilen deňme-deň oýnadylar. Neapoldaky duşuşyk 22-nji fewrala geçilen gije sagat 01:00-da başlady (Aşgabat wagty bilen) we 1:1 hasabynda tamamlandy.

Robert Lewandowskiniň goluna (60-njy minut) ýer eýeleri Wiktor Osimheniň goly bilen jogap berdiler (75).
"Barselona" garşy oýun "Napoliniň" başynda Françesko Kalsona üçin ilkinji oýun boldy. Ol 20-nji fewralda toparyň baş tälimçisi wezipesinde Walter Mazzariniň ornuny çalyşdy. 
Kalsona italýan klubundaky işini Slowakiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesi bilen utgaşdyrýar.

Günüň beýleki bir oýnunda Portugaliýanyň "Portu" topary "Dragau" stadionynda Angliýanyň "Arsenalyny" kabul etdi. Oýunda ýeke-täk gol 90+4-nji minutda geçirildi. 
"Portunyň" hüjümçisi Wenderson Galeno tapawutlandy. 
Bu toparlaryň jogap oýunlary 13-nji martda geçiriler we Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlar.


şu gün 00:22
329

«Pari Sen-Žermen» Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy sport topary diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby «Laureus World Sports Awards» dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy sport topary hökmünde ykrar edildi....

düýn 14:50
3k+

Sobolenko, Alkaras we Ýamal ýylyň iň gowy türgenleri hökmünde Laureus baýragyny aldy

Madridde dünýäde sport «Oskary» diýlip atlandyrylýan Laureus baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy türgenler diýlip tennisçiler — Belarusyň wekili Arina Sobolenko......

20.04.2026 15:24
7.7k+

FIFA-nyň prezidenti 2026-nyň dünýä çempionatynyň biletleriniň gymmat bolmagynyň sebäbini düşündirdi

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň oýunlaryna biletleriň gymmat bolmagynyň guramanyň maliýe gurluşy bilen baglydygyny, sebäbi bu ýaryşyň gurama üçin ýeke-täk girdeji......

19.04.2026 15:02
4.4k+

«Çelsiniň» baş kompaniýasy 630 million funt sterling möçberde zyýan çekdi

«Çelsi» futbol klubunyň baş kompaniýasy bolan BlueCo 22 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 630 million funt sterling möçberinde zyýan çekendigini hasaba aldy....