2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş oýny Mehikoda geçiriler

  • 06.02.2024 14:55
  • 8.1k+

Meksikanyň milli futbol ýygyndysy ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň açylyş oýnunda oýnar. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.

Duşuşyk 11-nji iýunda Mehikodaky 87 523 tomaşaçyny kabul edýän “Asteka” stadionynda geçiriler. Meksikanyň milli ýygyndysynyň garşydaşy gijräk belli bolar.
Kanadada dünýä çempionatynyň taryhda ilkinji oýny 12-nji iýunda Torontoda geçiriler. Kanadanyň 2026-njy ýylyň dünýä birinjiliginiň oýnuny kabul etjek ýene bir şäheri Wankuwerdir.
Meksika dünýä çempionatyny üçünji gezek kabul edýän ilkinji ýurt boldy. Öň, ýaryş bu ýerde 1970-nji we 1986-njy ýyllarda geçirildi.


düýn 18:50
3.6k+

80 ýaşynda meşhur rumyn tälimçisi Mirça Luçesku aradan çykdy

7-nji aprelde Buharestde meşhur rumyn futbol tälimçisi Mirça Luçesku 80 ýaşynda dünýäden ötdi. Bu barada Antena 3 CNN telekanaly habar berdi....

düýn 12:31
5.4k+

«Bawariýa» soňky 10 oýunda ilkinji gezek «Realy» utdy, Hawers bolsa «Arsenala» ýeňiş getirdi

8-nji aprele geçilýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji iki duşuşygy geçirildi....

06.04.2026 12:05
3.9k+

«PSW» möhletinden ir bassyr üçünji gezek Niderlandlaryň çempiony boldy

Eýndhoweniň «PSW» topary bassyr üçünji gezek futbol boýunça Niderlandlaryň çempionatynyň ýeňijisi boldy. 29-njy tapgyrda «PSW» topary «Utrehti» 4:3 hasabynda utdy. Şol bir wagtyň özünde, «Feýenoord» topary......

06.04.2026 10:44
8.3k+

The Athletic neşiri Abdukodir Husanowy özbekleriň Kriştianu Ronaldusy diýip atlandyrdy

The Athletic neşiri Özbegistanyň milli ýygyndysynyň we «Mançester Siti» toparynyň goragçysy Abdukodir Husanowyň öz watanyndaky meşhurlyk derejesini portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu bilen deňeşdirdi....