Hytaýda ykjam telefonlaryň satuwy 2023-nji ýylda 6,5% ýokarlandy

  • 31.01.2024 15:12
  • 3.5k+

2023-nji ýylda HHR-de ykjam telefonlaryň satuwy 6,5% ýokarlanyp, 289 mln birlik boldy. Bu barada ýurduň Senagat we maglumatlaşdyrma ministrliginiň Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary akademiýasy (CAICT) habar berdi diýip, interfax.ru belleýär.

Şol sanda täze nesil 5G aragatnaşyk toruny goldaýan telefonlaryň satuwy 11,9% ýokarlanyp, 240 mln birlik boldy.
Hytaý brendleri bazarda agdyklyk etmegini dowam etdirdi: ýerli öndürijileriň paýyna 231 mln telefon (1,1% ösüş) düşdi diýip, Sinhua agentligi belleýär. Geçen ýyl olar bazara 406 sany täze modeli çykardylar (5,5% ösüş).
Dekabr aýynda ýurtda umumy telefon üpjünçiligi 28,28 mln birlik boldy, bu 2022-nji ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende, 1,5% köpdür.


düýn 11:17
3.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....