2023-nji ýylda iň köp satylan awtomobil belli boldy

  • 30.01.2024 07:41
  • 11k+

JATO Dynamics we Car Industry Analysis kompaniýalary awtomobil bazarynyň seljermesiniň deslapky maglumatlaryny hödürlediler, oňa laýyklykda 2023-nji ýylda dünýäde iň köp satylan awtomobil Tesla Model Y boldy. 2023-nji ýylda tutuş dünýäde şeýle awtomobillerden jemi 1,32 mln sanysy satyldy diýip, championat.com belleýär.

2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, Tesla Model Y satuwynyň ösüşi 64% boldy, ýöne bu 2021-nji ýylyň görkezijisinden pesdir, şol ýyl satylan elektromobilleriň sany 91% artdy. Şeýle-de, Tesla Model Y Ýewropada we Hytaýda hem iň köp satylan awtomobil boldy. HHR-de şeýle awtomobillerden 456 müňden gowragy satyldy, bu bir ýyl ozalkydan 45% köpdür.
Ikinji orunda Toyota RAV4 ýerleşdi – 2023-nji ýylda bu awtomobil 1,07 mln gezek satyn alyndy. Liderleriň üçlügini ýapon markasynyň başga bir wekili – 1,01 mln birlik bilen Toyota Corolla jemleýär.
Seljerme dünýäniň dürli sebitlerinden, şol sanda ABŞ-dan we Kanadadan, Ýewropadan, Russiýadan we Hytaýdan maglumatlary jemledi. Gözlegçiler has jikme-jik we takyk maglumatlary soňrak neşir etmegi meýilleşdirýärler.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......