Höwesjeň futbolçylar Angliýanyň Kubogynyň 1/8 finalyna çykmagy başardylar

  • 28.01.2024 13:39
  • 9.4k+

Futbol boýunça Angliýanyň Kubogynda garaşylmadyk waka boldy. Derejesi boýunça ýurduň altynjy diwizionyna degişli bolan «Meýdstoun» höwesjeňler kluby ikinji diwiziona degişli «Ipswiç Taun» toparyny ýeňip, ýurduň Kubogynyň 1/8 finalyna çykdy.

Duşuşyk «Ipswiçiň» stadionynda geçirildi we 2:1 hasabynda «Meýdstounyň» peýdasyna tamamlandy. Topara ýeňşi Jekson Reýnoldsyň we Sem Korneniň gollary getirdi, ýer eýelerinden Jeremi Sarmiýento pökgi geçirdi.
«Ipswiçiň» oýunçylarynyň 38 urgudan (13-si derwezäniň içine) soň ýekeje pökgi geçirendigi bellärliklidir. Emma «Meýdstoun» bary-ýogy iki gezek urgy geçirdi we olaryň ikisi hem takyk boldy.
Şeýlelikde, «Meýdstoun» taryhynda ilkinji gezek Angliýanyň Kubogynyň şeýle ýokary basgançagyna çykýar. Höwesjeňler toparynyň geljekki garşydaşy heniz belli däl, ol 1/8 finala çykan gatnaşyjylaryň hemmesi kesgitlenenden soň mälim ediler.


şu gün 14:15
7k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.6k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......