TÜRKSOÝ Türkmenistanda köp sanly çäreleri geçirmäge taýýarlanýar

  • 25.01.2024 15:18
  • 3.1k+

TÜRKSOÝ 2024-nji ýylda 15-den gowrak ýurtda 150 töweregi çäräni geçirmegi meýilleşdirýär. Medeni gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekde Türkmenistan bilen bilelikde guralmagy meýilleşdirilýän çärelere möhüm orun berilýär. Bu barada TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Soltan Raýew Stambulda geçirilen Türkiýäniň Parlament assambleýasynyň, Halkara türk akademiýasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, şeýle hem halkara türk medeniýeti we mirasy gaznasynyň gatnaşmagynda Türki Döwletleriň Guramasynyň utgaşdyryjy komitetiniň dördünji mejlisinde eden çykyşynda belledi.

"Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, mejlisde bu guramalaryň geçen ýylda alyp baran işleriniň netijeleri jemlenip, 2024-nji ýyldaky iş meýilnamalary, şol sanda Ženewada geçirilmegi meýilleşdirilýän Türki dünýäsiniň hepdeliginiň çärelerine garalyp geçildi.
Raýew TÜRKSOÝ-yň Hemişelik Geňeşiniň 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edendigini ýatlatmak bilen, Soltan Raýew, ýygnakda wekilçilik eden guramalaryň her birini Magtymguly Pyragy ýylynyň çäginde guralan dürli çärelere gatnaşmaga we olara goldaw bermäge çagyrdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Änew şäheriniň şu ýyl Türki dünýäniň medeni paýtagty bolandygy bellendi. Şonuň üçin TÜRKSOÝ köp çäresini, şol sanda däp bolan çäreleri-de Türkmenistanda geçirer. Soltan Raýewiň aýtmagyna görä, bu gurama türki dünýäniň medeni paýtagty ady bilen Türkmenistanyň medeni gymmatlyklaryny bütin dünýäde wagyz etmek boýunça möhüm meseläni öz üstüne alýar.
TÜRKSOÝ-yň başlygy öz çykyşynda şu ýyl Nowruz baýramyny has dabaraly we giň gerimde bellemek niýetini, şeýle hem türk dünýäniň ýolbaşçylarynyň döredijiligine we mirasyna, opera, teatr we kino pudagynda bilelikdäki oýunlaryň goýulmagyna bagyşlanan dürli taslamalary, guramanyň agza ýurtlarynyň arasynda ýaş suratkeşlere we türki dünýäniň ýaşlar hereketine goldaw bermek babatynda dürli taslamalary agzady. Şu ýyl meýilleşdirilýän gastrollaryň çäginde sungat söýüjilerini TÜRKSOÝ ýaşlar orkestri, hor we halk saz gurallary orkestri bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilýär.


düýn 22:10
2.4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
2.8k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 15:47
7.8k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

düýn 12:26
767

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......