2023-nji ýylda Türkmenistanda amala aşyrylan konteýner ýük daşamalarynyň sany belli boldy

  • 23.01.2024 12:59
  • 5.7k+

2023-nji ýylyň 12 aýynda Türkmenistanyň çäginden jemi 10 müň 799 sany konteýner ýük daşamalary amala aşyryldy, şol sanda: üstaşyr 5614, eksport 2316 we import 2869 sany konteýnerlerde ýükler daşaldy we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 356 sany konteýner ýük daşamalaryň mukdary köpeldi. BU barada Orient ýetirýär.

Häzirki wagtda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman üstaşyr-ulag geçelgeleri boýunça täze ýük gatnawlary we Hytaý-Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe ugry boýunça konteýner gatnawlary döretmek baradaky öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça işler hem yzygiderli durmuşa geçirilýär.
“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa” halkara multimodal ulag geçelgesini has oňaýly şertleri döretmek barada geçirilen duşuşyklaryň netijesinde Özbegistan-Azerbaýjan – Gruziýa, Russiýa – Gazagystan – Türkmenistan – Eýran ugrlaryndan 2023-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda 52 sany konteýner otlusy Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirildi.

 


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......