Kabulda elektrik beketleriniň döwrebaplaşdyrylmagy türkmen energiýasynyň importyny artdyrmaga mümkinçilik berer

  • 22.01.2024 15:08
  • 7.5k+

Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministrligi Kabul şäheriniň golaýynda ýerleşýän elektrik beketlerini döwrebaplaşdyrmaga girişdi. Umumy bahasy 70 million dollara barabar bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi türkmen eleketrik energiýasynyň importyny 1 müň megawatta çenli artdyrmaga ýardam eder. Bu barada "TOLO" habarlar agentligi mälim edýär.

Bellenişi ýaly, geçirijiligi 500 kilowatt bolan elektrik geçirijisi Türkmenistana çenli uzaldylar. Munuň netijesinde 1 müň megawattlyk elektrik energiýasyny import etmäge mümkinçilik dörär. Şeýlelikde, elektrik üpjünçilik meseleleri oňyn çözüler diýip, ministrligiň ýolbaşçysy Abdul Latif Mansur belleýär.
Şeýle hem Owganystan durmuş maksatly desgalaryň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin öz elektrik desgalarynyň önümçiligini giňeltmegi göz öňünde tutýar. Munuň üçin goňşy döwlet daşary ýurtly taraplar bilen maýa goýum gepleşiklerini geçirýärler.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......