Globe Soccer Awards Holandy ýylyň futbolçysy hökmünde saýlady

  • 21.01.2024 15:40
  • 18k+

Angliýanyň «Mançester Siti» toparynyň futbolçysy Erling Holand «Globe Soccer Awards» garaýşyna görä, ýylyň iň gowy oýunçysy diýen ada mynasyp boldy.

Baýrak gowşurylyş dabarasy Dubaýda geçiridi. Şeýle hem bu baýraga Kriştianu Ronaldu («Al-Nasr»), Mohamed Salah («Liwerpul»), Jud Bellingem, Winisius Žunior (ikisi hem «Real Madrid»), Bernardu Silwa («Mançester Siti»), Lionel Messi («Inter Maýami»), Karim Benzema («Al-Ittifak») Kilian Mbappe («PSŽ»), Wiktor Osimhen («Napoli») dalaşgär görkezildi.
Holand «Mançester Siti» bilen bilelikde Angliýanyň çempiony, ýurduň Kubogynyň eýesi, Çempionlar ligasynyň, UEFA-nyň Superkubogynyň we klublaryň arasynda dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy. Topardaky ilkinji möwsüminde 53 oýunda 52 pökgi geçirip, Angliýanyň premýer-ligasynda (APL) geçirilen gollaryň sany boýunça rekordy täzeledi. Ondan öň ol Ýewropanyň futbol assosiasiýalary bileleşigi (UEFA) tarapyndan Ýewropadaky möwsümiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.
Angliýanyň «Mançester Siti» futbol toparynyň baş tälimçisi ispaniýaly Pep Gwardiola «Ýylyň iň gowy tälimçisi» kategoriýasynda «Globe Soccer Awards» baýragyna mynasyp boldy.
Geçen ýyl Gwardiolanyň ýolbaşçylygynda «Mançester Siti» Çempionlar ligasynyň, Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň ýeňijisi, Angliýanyň çempiony, ýurduň Kubogynyň we UEFA-nyň Superkubogynyň eýesi boldy.
Angliýanyň «Mançester Siti» futbol topary«Globe Soccer Awards» tarapyndan «Ýylyň iň gowy topary» kategoriýasynda ýeňiji saýlandy.
Ýylyň iň gowy zenanlar topary Ispaniýanyň «Barselonasy» boldy.
Angliýanyň we Londonyň «Çelsi» toparynyň öňki goragçysy Jon Terri, Argentinanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony bolan tälimçi Lionel Skaloni we Braziliýanyň ýarymgoragçysy Kazemiro karýerasyndaky gazanan üstünlikleri üçin sylaglandylar.

Beýleki kategoriýalardaky netijeler:

  • Iň gowy derwezeban – Ederson («Mançester Siti»);
  • Iň gowy ýarymgoragçy – Rodri («Mançester Siti»);
  • Iň gowy toparyň prezidenti – Haldun Al-Mubarek («Mançester Siti»);
  • Ýylyň iň gowy ýaş oýunçysy – Jud Bellingem («Real Madrid»);
  • Ýylyň iň gowy zenan futbolçysy – Aýtana Bonmati («Barselona»).

şu gün 00:06
512

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......

düýn 20:11
1.8k+

Habi Alonso «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesine bellendi

Habi Alonso 1-nji iýuldan başlap Londonyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi bolar. Klubuň metbugat gullugy ispaniýaly hünärmen bilen dörtýyllyk şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi....

düýn 11:50
4.5k+

Semenýonyň ajaýyp goly «ManSitä» Angliýanyň Kubogynyň finalynda ýeňiş getirdi

«Mançester Siti» futbol kluby final oýnunda Londonyň «Çelsi» toparyny 1:0 hasabynda utup, 2025/26 möwsüminde Angliýanyň Kubogyny gazandy. Duşuşyk 16-njy maýda paýtagtyň «Wembli» stadionynda geçirildi....

16.05.2026 20:02
9.9k+

«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi....