2023-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi geçirildi

  • 16.01.2024 22:48
  • 34k+

16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy hem-de bu edaralaryň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şeýle hem ýurdumyzda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, olaryň işini has-da  kämilleşdirmek bilen baglanyşykly  meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garamagyndaky edaralar tarapyndan 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler.
Mejlisiň barşynda Serdar Berdimuhamedow prokuratura edaralarynyň işini pes derejede gurap, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen S.Mälikgulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinden boşatdy. 
Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine Begmurat Muhamedow bellenildi.
Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny pugtalandyrmaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini üpjün etmäge goşan şahsy goşantlaryny göz öňünde tutup, harby we hukuk goraýjy edaralaryň käbir ýolbaşçylaryna harby we ýörite atlary hem-de hünär derejesini bermek barada kararyna gelendigini aýdyp, degişli Permanlara gol çekdi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......