Eýran OPEK-de nebit önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça rekord goýdy

  • 16.01.2024 14:03
  • 4.5k+

2023-nji ýylda Eýran nebitiň gazylyp alnyşyny bir günde 330 müň barrel artdyryp, OPEK-e agza ýurtlaryň arasynda nebit önümçiligi boýunça rekord goýdy. Şeýle maglumatlar ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň statistikasyndan gelip çykýar diýip, ru.irna.ir habar berýär.

Maglumatlara görä, 2023-nji ýylda Eýranda nebiti gazyp almagyň möçberi bir günde 2,870 mln barrele deň boldy.

“2022-nji ýylda Eýran bir günde ortaça 2,540 mln barrel nebit gazyp alypdy” – diýlip, ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň statistika resminamasynda aýdylýar.

Belläp geçsek, 2023-nji ýylda OPEK-iň umumy nebit önümçiligi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 630 müň barrel azalyp, bir günde 26,890 mln barrel boldy. 2022-nji ýylda OPEK bir günde 27,520 mln barrel nebit gazyp aldy.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......