Geçen ýyl dünýädäki adamlar ykjam goşundylara $171 mlrd sarp etdiler

  • 14.01.2024 16:33
  • 2.8k+

2022-nji ýylda ykjam goşundylaryň ykdysadyýeti ilkinji gezek gowşady, ýöne bu pudak 2023-nji ýylda ösüşe gaýdyp geldi. 2023-nji ýylda ykjam programma üpjünçiligi üçin sarp ediji çykdajylary 3% ýokarlanyp, 171 mlrd dollara ýetdi. Muny Data.ai platformasynyň App Store, Google Play we Hytaýyň Android goşundylarynyň dükanlary baradaky hasabatynyň maglumatlary delillendirýär diýip, 3dnews.ru ýazýar.

2023-nji ýylda oýun däl goşundylara sarp ediji çykdajylary 11% ýokarlanyp, 64 mlrd dollara ýetdi. Bu tendensiýa öňdebaryjylygy TikTok saklaýan sosial ulgamlar ýardam etdi – gysga wideolar hyzmatynyň ähli döwürdäki girdejisi 10 mlrd dollardan geçdi. Goşundy, takmynan, 257 mlrd gezek ýüklenildi, bu bir ýyl ozalkydan 1% köpdür. Çaklamalara görä, şu ýyl sosial ulgamlaryň goşundylarynda sarp ediji monetizasiýasy 150% ýokarlanyp, 1,3 mlrd dollara ýeter.
2023-nji ýylyň jemi boýunça 1500-den gowrak goşundy 10 mln dollardan gowrak ýyllyk girdejini üpjün etdi, 219 goşundy 100 mln dollar bellikden, 13 goşundy bolsa 1 mlrd dollar bellikden geçdi – bulardan 4-üsi bu ugurda ilkinji boldy: Royal Match, Google One, Max we Gardenscapes.
Sarp ediji çykdajylarynyň ösüşine generatiw emeli intellekt segmenti itergi berdi – bu ýerde goşundylar bazary köp sanly emeli intellektli çat-botlaryň we şekil generatorlarynyň peýda bolmagy netijesinde 7 esse ýokarlandy. Sarp ediji çykdajylary nukdaýnazaryndan öňdebaryjylar ChatGPT, Ask AI we Open Chat boldy. 4000 sany bar bolan we 2500 sany täze goşundynyň beýanynda “çat-bot” belligi peýda boldy, ýene 3500 goşundy beýana GPT abbrewiaturasyny goşdy.
Goşundylary ýüklemekde esasy paý Hytaýa düşýär, ikinji orny Hindistan, üçünji orny ABŞ eýeledi. Goşundylarda ulanyjylar rekord 5,1 trln sagat geçirdiler, bu bir ýyl ozalkydan 6% köpdür.
2023-nji ýylda mobil mahabat çykdajylary 8% ýokarlandy we 362 mlrd dollara ýetdi – 2024-nji ýylda 16,2% - 402 mlrd dollara çenli ösüşe garaşylýar. Öňdebaryjy on bazarda bir ulanyjy üçin ykjam gurluşda bir günde geçirilen ortaça wagt 2022-nji ýyldan bäri 6% ýokarlanyp, 5 sagatdan geçdi – ösüşi YouTube, WhatsApp, Facebook, TikTok, Chrome, Instagram we Netflix üpjün etdi.
2023-nji ýylda mobil oýunlaryň segmenti peseldi: çykdajylar bir ýylda 2% peselip, 107 mlrd dollar boldy. Oýunlar 88 mlrd gezek ýüklenildi. Monopoly GO we EA Sports FC Mobile Soccer çalt ösüş gazandy, Genshin Impact üçin çykdajylar bu döwürde 4 mlrd dollardan geçdi.
Ýylyň dowamynda goşundylarda çäreler üçin petek satuwy 31% ýokarlandy, bu, esasan, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň konsertleri netijesinde boldy. Bu görkeziji pandemiýadan öňki derejeden 66% ýokarydyr. 
Gurnamalar we çykdajylar boýunça iň gowy goşundy TikTok boldy, ýöne adamlar, esasan, Facebook-da köp wagt geçirdiler. Oýunlaryň arasynda öňdebaryjylar Subway Surfers (ýüklemeleriň sany boýunça), Candy Crush Saga (çykdajylaryň göwrümi boýunça) we Roblox (aýda işjeň ulanyjylaryň sany boýunça) boldy.

şu gün 16:49
101

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

şu gün 14:47
2.6k+

Türkmenistanyň müftüsi wezipesine Rahman Gurbanmyradow bellenildi

Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde din işgärleriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat......

düýn 20:14
3.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......