Laosda 5G-niň işläp başlandygy yglan edildi

  • 13.01.2024 07:35
  • 7.8k+

Laosyň Lao Telecom telearagatnaşyk kompaniýasy ýurtda 5G ykjam aragatnaşygynyň ýola goýlandygyny habar berdi diýip, TASS Vientiane Times gazetine salgylanyp habar berýär.

Şereket bäş günlük “Laosyň Sanly tehnologiýa hepdesi – 2024”-iň çäginde 5G aragatnaşygynyň işläp başlandygyny mälim etdi, hepdeligiň dowamynda Lao Telecom aragatnaşygyň geljekki nesliniň, şol sanda wirtual hakykat tehnologiýalarynda we kosmos gözleginde ulanylyş mümkinçiligini görkezdi.
Ondan öň bu kompaniýa Laosyň paýtagty Wýentýanada şäheriň möhüm ýerlerini öz içine alýan 5G aragatnaşygyny ýola goýupdy. Indi 5G formatyndaky aragatnaşyk gurşawyny tutuş ýurt boýunça giňeltmek meýilleşdirilýär. Laosda ol köp ugurlarda, şol sanda onlaýn-işewürlikde, onlaýn-söwdada, emeli aň tehnologiýalarynda, robot tehnikasynda, şeýle hem senagatda we oba hojalygynda ulanylar.
5G - ykjam aragatnaşygyň täze nesli, öňki standartlaryň (GSM, 3G, 4G / LTE) ösüşiniň dowamydyr. 5G ulgamynyň synag meýdançalarynda maglumatlary geçirmegiň rekord tizligi 25 Gbit / s-a ýetdi. Şeýle görkezijiler Ultra HD durulykda onlaýn režiminde wideolary ýaýlyma bermäge mümkinçilik berýär.

düýn 16:01
1.2k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

düýn 15:42
830

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
874

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......