Islam Mahaçew UFC-de indiki söweşiniň senesini mälim etdi

  • 12.01.2024 16:57
  • 23k+

Ýeňil agram derejesinde UFC-niň russiýaly çempiony Islam Mahaçew «X» sosial ulgamynda 8-nji iýunda geçiriljek indiki söweşinde amerikaly Jastin Getji bilen duşuşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Şeýle hem Mahaçew noýabr aýynda Çarlz Oliweýra – Arman Sarukýan tutluşygynyň ýeňijisi bilen söweşjekdigini ýazdy. 2025-nji ýylyň fewral aýynda hem söweş geçirmek meýilleşdirilýär, ýöne garşydaş heniz kesgitlenmedi.
8-nji ýanwarda UFC-niň başlygy Dana Uaýt Oliweýra – Sarukýan tutluşygynyň ýeňijisiniň ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrunda bäsleşmäge mümkinçilik aljakdygyny aýtdy. Söweşijileriň ikisi-de ozal Mahaçewden ýeňilipdiler – Sarukýan  2019-njy ýylda eminleriň çözgüdi bilen, Oliweýra bolsa 2022-nji ýylda demikdiriji tilsim arkaly.
Getji dekabr aýynyň ahyrynda Mahaçew bilen söweşe taýýardygyny aýtdy.
35 ýaşly Getjiniň MMA-da 25 ýeňşi we dört ýeňlişi bar.


26.06.2026 23:43
7.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......