12-nji ýanwarda Katarda futbol boýunça Aziýanyň Kubogy-2024 başlaýar

  • 12.01.2024 14:48
  • 12k+

2022-nji ýylda Katarda futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň taryhynda çempionatyň iň bir ýatdan çykmajak jemleýji bölegi geçirildi. Indi bolsa bu ýurtda Aziýanyň kubogy geçirilýär.

Aziýaly toparlaryň arasynda ýaryş 12-nji ýanwardan 10-njy fewral aralygynda geçiriler.
Kubok ugrunda 24 milli ýygyndy, şol sanda Kataryň, Awstraliýanyň, Bahreýniň, Wýetnamyň, Gonkongyň, Hindistanyň, Indoneziýanyň, Iordaniýanyň, Yragyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Liwanyň, Täjigistanyň, Taýlandyň, Malaýziýanyň, BAE-niň, Omanyň, Palestinanyň, Saud Arabystanynyň, Siriýanyň, Özbegistanyň, Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň toparlary bäsleşer.
Bije atyşmak 2023-nji ýylyň maý aýynda geçirildi. Toparlar alty topara bölünýär. Bäsleşik dünýä çempionatynda ulanylan alty arenany hem goşmak bilen, sekiz stadionda geçiriler.
Guramaçylar ýaryşyň açylyş oýnunyň Katarda dynç güni - anna güni, jemleýji oýun bolsa, janköýerlere amatly bolar ýaly, hepdäniň dynç alyş günlerinde geçiriljekdigini bellediler.
Toparlaýyn oýunlary 12-25-nji ýanwar aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär, 1/8 final oýunlary 28-31-nji ýanwarda, çärýek final oýunlary 2-nji we 3-nji fewralda, ýarym final oýunlary 6-njy we 7-nji fewralda geçiriler. Ýaryşyň finaly 10-njy fewralda bolar. Ýaryşyň guramaçylary üçünji ýer üçin oýun geçirmekden ýüz öwürdiler.


şu gün 10:24
1.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.2k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......