Red Bull 2024-nji ýylda ilkinji giperkaryny görkezer

  • 11.01.2024 20:03
  • 8.5k+

Red Bull topary ilkinji giperkarynyň öndüriljek möhletini üýtgetdi. Awtoulagyň ilkinji gezek görkeziljek senesi bir ýyl öňe süýşdi, ýagny ol şu ýyl  eýýäm görkeziler diýip, Red Bull Advanced Technologies bölüminiň başlygy Kristian Horner Sky Sports-a beren interwýusynda aýdandygyny auto.ru habar berýär.

Işläp taýýarlanyş prosesinde giperkaryň has güýçlenendigi bellendi. Ondan öň, takmynan, 1100 at güýji bolan gibrid elektrik bekedini alar öýdülýärdi. Täzelenen maglumatlara görä, şeýle güýji diňe benzinli V8 goşa turboly güýçlendirijiniň özi hem üpjün ediler we elektrik komponenti bolsa ýene 150 güýç goşar.
Şol bir wagtyň özünde, hereketlendirijileri kimiň üpjün etjekdigi entek belli däl: mümkin bolan üpjün edijileriň arasynda Red Bull Powertrains bilen Porsche-niň ady agzalýar.
Häzirlikçe işläp düzüji ýylda 50 sany birlige ýetýänçä, 15 awtoulagdan öndürmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem, giperkaryň bahasynyň 6 million dollardan geçip biljekdigi öňem habar berlipdi.
Red Bull-yň giperkaryň ýol wersiýasyny çykarmak mümkinçiligi hakda pikir edýändigi hem belli boldy.

düýn 14:34
2k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.3k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.5k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....