Angliýanyň Kubogynyň çäklerindäki duşuşykda tegelek gyzyl kart görkezildi

  • 08.01.2024 15:00
  • 16k+

Angliýanyň Kubogynyň çäklerinde «Brentford» – «Wulwerhempton» toparlarynyň arasynda 1/32 final duşuşygynyň baş emini Toni Harrington tegelek gyzyl kart görkezdi. Duşuşygyň dokuzynjy minutynda «möjekleriň» portugaliýaly ýarymgoragçysy Žoao Gomes meýdançadan çykaryldy.

Azlykda oýnamak «möjekleriň» 1:1 hasabynda deňme-deň oýnamagyna päsgel bermedi. Bu gapma-garşylygyň ýeňijisi jogap duşuşygynda kesgitlener.
Adaty bolmadyk kartyň ulanylmagynyň esasy sebäbi – käbir futbolçylaryň reňkleri saýgarmakda kynçylyk çekmegidir. Şeýlelik bilen, oýunçy reňkleri tapawutlandyrmakda kynçylyk çekse-de, gönüburçly kartyň sary we tegelek kartyň gyzyl reňkdigine aç-açan düşünýär. Kartlaryň dürli şekilde bolmagy eminlere jübüsinde dogry duýduryşy tapmagy aňsatlaşdyrýar.
Bu waka ilkinji gezek däldir. 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda hem «Rekshem» bilen «Şeffild Ýunaýted» toparlarynyň arasyndaky Angliýanyň Kubogynyň duşuşygynda tegelek gyzyl kart ulanyldy.


düýn 14:15
7.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......