2023-nji ýylyň smartfonlarynyň berkligi boýunça reýting düzüldi

  • 07.01.2024 18:51
  • 22k+

YouTube kanalynda meşhur bloger JerryRigEverything 2023-nji ýylyň iň berk we bejeriş işlerine ýaramly smartfonlaryny sanap geçdi.

Bejeriş işlerine iň ýaramly smartfon Fairphone 5 boldy. Bu smartfony bary-ýogy bir nurbady towlaýjynyň (otwýortka) kömegi bilen bejermek bolar. Çalyşmak üçin ähli toplumy düzüjileri öndürijiden satyn almak bolýar. Şeýle-de, smartfon 5 ýyl kepillik bilen hödürlenýär.

 

Ýene-de bir bejeriş işlerine ýaramly smartfon Pixel 8 Pro-dyr. Bu smartfon üçin hem ätiýaçlyk şaýlaryny aýratyn satyn almak bolýar. Ýöne ekrany bejermek üçin birneme başarnyk gerek bolar.

Bejeriş işlerine ýaramlylygy pes we iň innowasion smartfon – Asus ROG Ultimate. Ony sökmek we täzeden ýygnamak örän kyn. Şol bir wagtyň özünde, gurluşyň motorlaşdyrylan gapagy bar we ol ýokary galyp, içindäki mis radiatory, termiki sowadyş ulgamyny açýar.

Içinden iň gowy görünýän smartfon iPhone 15 Pro boldy. Ýöne bu diňe bir onuň yzky aýnasynyň aýrylyp bilinýändigi sebäpli däldir. Munuň ýene bir sebäbi mis simsiz zarýad berijiniň töwereginde ýerleşýän fiziki magnitiň nähili görünýändigi bilen baglanyşyklydyr.

Iň gowy hemmetaraplaýyn eplenýän smartfon – Z Flip 5. Ol çydamlylyk synagyndan geçdi we “ters” tarapa eplenenden soň hem işlemegini dowam etdirdi. Şeýle-de, ony kynçylyksyz sökmek we täzeden ýygnamak başartdy.

Berkligi has pes smartfon – Pixel Fold. Ony eplemek we döwmek örän aňsat.

Iň berk smartfon Pixel 7a boldy. Bu smartfon plastik yzky panel bilen üpjün edilendir.

şu gün 20:25
1.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
2.5k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
1.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......