Honor kuwwatly prosessory we 120 Gs ekrany bolan X50 GT smartfonyny anons etdi

  • 07.01.2024 17:24
  • 4.6k+

Honor sekiz ýadroly Qualcomm Snapdragon 8+ Gen 1 prosessorly X50 GT smartfonyny anons etdi. Bu barada championat.com habar berýär. Gurluşyň bahasy 280 dollardan başlaýar. Ol iki reňkde satylýar: Magic Night Black (gara) we Silver Winged Ares (kümüşsöw).

Gajet 2652x1200 piksel durulykly 6,78 dýuým OLED displeýine eýe bolup, onuň iň ýokary ýagtylygy 1200 nite we kadr ýygylygy 120 Gs barabar. Şeýle-de, öndüriji smartfony IP53 standarty boýunça çyglylykdan we tozandan gorag bilen üpjün edipdir.
Bulardan başga-da, enjam 35 Wt çenli kuwwatly simli zarýad berşi göterýän 5800 mA/s sygymly akkumulýatora eýedir. Kompaniýa gurluşyň 12 sagatlyk awtonom işe ýaramlydygyny belleýär. Smartfonyň galyňlygy 7,98 mm, agramy 192 g.
Häzirki wagtda Honor X50 GT satyn almak üçin diňe Hytaýyň çäginde elýeterlidir. Onuň dünýä bazaryna çykjak senesi heniz belli däl.

şu gün 20:25
86

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
230

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
549

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......