Namibiýanyň iň gözel gyzy prezidentlige dalaş etmek isleýär

  • 07.01.2024 16:40
  • 19k+

2022-nji ýylyň “Namibiýa gözeli” titulynyň eýesi Kassia Şarpli respublikada geçiriljek prezident saýlawlarynda öz dalaşgärligini hödürlemekçidigini aýtdy. Bu barada “The Namibian” gazetine salgylanyp, TASS habar berýär.

Neşir Namibiýada döwlet Baştutany wezipesine dalaşgäriň 35 ýaşdan kiçi bolup bilmejekdigini ýatladýar. Şarpli bolsa 23 ýaşynda. Ýurtda nobatdaky prezident saýlawlary 2024-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilmeli.
Şarpli eýýäm muşdaklaryndan syýasy karýerasynyň gidişini yzarlamak üçin sosial ulgamlarda öz akkauntyna ýazylmagyny sorady. Ol “deňhukuklylyk we adalatlylyk esasynda” prezidentlige dalaşgär bolmak isleýändigini aýtdy. Onuň kakasy SWAPO dolandyryjy partiýasynyň abraýly agzasy Marson Şarpli gyzynyň gowy bilim alandygyna we syýasatdan baş çykarýandygyna ynanýar.
Şarpliniň aýdyşy ýaly, onuň bu saýlawlarda ýeňiş gazanjakdygyna ynamy ýok, ýöne ol özüniň ýaş zenan hökmünde düýpli özgertmelere mätäç ýurda ýetirýän täsirine ynanýar.
Gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi Namibiýanyň ilatynyň (2,6 mln adam) 43%-iniň garyplykda ýaşamagyny kabul ederlikli däl hasaplaýar. Prezident wezipesine saýlanan ýagdaýynda ol ýaşlary ýurdy baýlyklary azaltmazdan ösdürip biljek taslamalaryň durmuşa geçirilişine çekmegi maksat edinýär.

düýn 15:48
3.9k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......