Magnus Karlsen rapid boýunça bäşinji gezek dünýäniň çempiony boldy

  • 29.12.2023 16:48
  • 7.3k+

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen rapid boýunça dünýä çempionatynda bäşinji gezek ýeňiji boldy. Ýaryş Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirildi.

Karlsen 13 tapgyrda hiç hili utulmazdan on utuk gazandy. Öň, norwegiýaly türgen 2014, 2015, 2019 we 2022-nji ýyllarda ýaryşda ýeňiji bolupdy.
29 – 30-njy dekabrda Özbegistanyň paýtagtynda blitz boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Ýaryşyň häzirki çempiony Karlsendir.
Ýatlap geçsek, Karlsen klassyky küşt boýunça 16-njy dünýä çempiony. Ol geçen ýyl Ýan Nepomnýaşä garşy tituly goramakdan ýüz öwürdi. Netijede, çempionlyk oýnunda russiýaly türgen hytaýly Din Ližen bilen duşuşdy we taý-breýkde ondan utuldy.

25.05.2026 23:07
6.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

25.05.2026 20:46
4.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

25.05.2026 16:52
8k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

25.05.2026 15:19
2.2k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......