Ginnesiň rekordlar kitaby Ýeriň taryhyndaky iň uly köli atlandyrdy. Ol Türkmenistana çenli uzapdyr

  • 24.12.2023 13:54
  • 25k+

Ginnesiň rekordlar kitaby gadymy Paratetis deňzini Ýeriň taryhynda iň uly köl diýip atlandyrdy. Kölüň ululygy heniz 2021-nji ýylda kesgitlenipdi, ýöne rekord ýaňy-ýakynda tassyklandy diýip, MIR 24 habar berýär.

Niderlandlardaky Utreht uniwersitetiniň alymlarynyň Braziliýadan, Russiýadan we Germaniýadan kärdeşler bilen bilelikde geçiren hasaplamalaryna görä, gadymy Paratetisiň suwlary 2,8 million inedördül kilometr meýdany eýeläpdir, bu häzirki Ortaýer deňzinden has uludyr.
Çen bilen 11 mln ýyl mundan ozal bar bolan bu howdan günbatarda Alp daglaryndan gündogarda Türkmenistana çenli uzalypdyr. Şol bir wagtyň özünde, onda häzirki kölleriň ählisini bilelikde alanyňdan 10 esse köp suw saklanypdyr. Haçan-da Paratetis gurap başlanda, onuň ýerinde üç deňiz – Gara, Hazar we Aral deňizleri döreýär.
Gözlegçiler kölüň ululygyny kesgitläp, dürli tehnologiýalaryň we gurallaryň kömegi bilen onuň taryhyny dikeltdiler. Şol sanda olar suwasty relýefiň 3D-kartalaryny düzdüler we onuň ýerleşýän ýerinde tektoniki işjeňligi öwrendiler. Alymlaryň pikiriçe, howdanyň ýitmeginiň sebäbi klimat üýtgemeleri bolupdyr. Netijede, Paratetis göwrüminiň üçden birini ýitirýär, suwuň derejesi bolsa 250 metr peselýär.
Alymlar Paratetisiň öwrenilmeginiň häzirki deňizlere we köllere howp salýan üýtgemeleri çaklamaga kömek etjekdigine ynanýarlar.


düýn 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:32
4.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......